JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýeňiş güni mynasybetli Gutlagy

Eziz halkym!

Hormatly uruş weteranlary!

Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýeňiş güni adamzadyň parahatçylyk söýüjilik, dostluk, raýdaşlyk baradaky garaýyşlaryny has-da rowaçlandyrýan, nesillerde watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent duýgularyny dabaralandyrýan senedir. Şoňa görä-de, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Ýeňiş gününi watansöýüjiligi hem-de gaýduwsyzlygy terbiýeleýän medeni-jemgyýetçilik çäreler, beýik işlere ruhlandyrýan aýdym-sazly dabaralar bilen garşylaýarys.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherindäki «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda, ähli şäherdir obalarymyzdaky ýadygärliklerde doganlyk halklar bilen birlikde urşuň agyr synaglaryny mertlik bilen başdan geçiren halkymyzyň merdana wekillerini hormat-sarpa bilen ýatlaýarys. Sergidir maslahatlary geçirip, tolgundyryjy duşuşyklary, gyzykly hem-de täsirli söhbetdeşlikleri guraýarys. Ýaş nesillerimizi watansöýüjilik, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik, maksada okgunlylyk, belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek babatda parasatly wesýetleri, öwüt-ündewleri bilen mynasyp goşant goşýan uruş weteranlaryna — agras hem salyhatly, parasatly hem mährem ýaşulularymyza, kümüş saçly enelerimize gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlaryny gowşurmak dabarasyny geçirýäris.

Mähriban watandaşlar!

1941 — 1945-nji ýyllar adamzat taryhynyň iň pajygaly we hasratly döwri bolup, faşizmiň basybalyjylykly, talaňçylykly, adalatsyz, rehimsiz syýasatynyň netijesinde millionlarça ynsan bu nägehan urşuň pidasy boldy. Ýürek-bagry erediji bu gowgaly döwürde maşgalalar atalardan we enelerden, ogullardan we gyzlardan, doganlardan we uýalardan aýryldy. Şäherdir obalar ýer bilen ýegsan edilip, parahat durmuşa, dünýä ykdysadyýetine, ylymlaryň we bilimleriň, medeniýetleriň we sungatlaryň ösüşine uly zarba uruldy. Doganlyk halklar bilen birlikde, türkmen halky hem bu ýowuz süteme garşy gaýduwsyz göreş alyp bardy. Merdana watandaşlarymyz geljekki nesilleriň parahat, asuda durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna söweş meýdanlarynda edermenligiň, batyrlygyň we gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezip, Gahryman adyna mynasyp boldular, ordendir medallar bilen sylaglandylar. Örän elhenç uruş ýyllarynda türkmenistanly zähmetkeşler, zenanlar, gojalar, çagalar Ýeňşe bolan ynam, durmuşa, Watana çäksiz söýgi bilen, tutanýerli we gaýratly zähmet çekip, Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna mynasyp goşantlaryny goşdular. Türkmenistanyň gelin-gyzlary Goranmak gaznasyna köp mukdarda gymmatly şaý-seplerini tabşyryp, müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan zähmetsöýerlik hem-de hoşniýetlilik, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, arassa ahlaklylyk ýaly mukaddes ýörelgelerimizi dabaralandyrdylar.

Ýyllaryň, nesilleriň baglanyşygyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, dünýäniň ähli halklarynyň häzirki we geljekki nesilleriniň parahat, bagtyýar geljegi üçin şirin janlaryny gurban eden türkmenistanly gahrymanlarymyzyň atlary «Hatyra» kitabynda, ot-ýalynly söweş ýollaryny geçip, öýlerine ýeňiş bilen gaýdyp gelen gaýduwsyz watandaşlarymyzyň atlary bolsa «Şöhrat» kitabynda ebedileşdirildi.

Merdana ata-babalarymyzyň gahrymançylygy mukaddes Watanymyza, halkymyza we tutuş adamzada ak ýürekden gulluk etmegiň nusgalyk mekdebidir. Şoňa görä-de, gazaply uruş ýyllarynyň güzaplary, jebir-jepalary, ýetiren zyýany, bu döwrüň taryhynyň gahrymançylykly sahypalary hiç wagt unudylmaz! 1941 — 1945-nji ýyllaryň aldym-berdimli söweşlerinde edermenligiň we gaýduwsyzlygyň, baky hormatyň hem-de ebedi şöhratyň beýik nusgasyny döreden gahrymanlarymyz kalbymyzda baky ýaşar!

Hormatly uruş weteranlary!

Eziz halkymyzyň gujur-gaýraty, döredijilikli we tutanýerli zähmeti, aýratyn-da, ýaşuly nesillerimiziň watansöýüjilik, ynsanperwerlik, lebzihalallyk hakyndaky pähim-parasatly öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary, baý durmuş ýollary agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň berk binýadydyr. Hormatly weteranlarymyzyň bütin durkuň bilen Watanymyzyň mukaddesliklerine uýmak, agzybirligimiziň, jebisligimiziň, abraý-mertebämiziň synmazlygyny gorap saklamak, ynsan mertebesini belent tutmak, ak ýürekli, lebzi halal, zähmetsöýer, belent ahlakly bolmak, manyly ömür sürmek baradaky öwüt-ündewlerine hem-de nesihatlaryna eýerip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyz, mähriban halkymyz üçin okamak, öwrenmek, döretmek, gurmak, ýurdumyzyň dünýä dolan şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak biziň mukaddes borjumyzdyr.

Mähriban halkym!

Hormatly uruş weteranlary!

Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, rowaçlyk arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

 

Türkmenistan-Pakistan: diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy

Ýene-de okaň

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri