Türkmenistanyň Prezidentiniň “Merkezi Aziýa + Hytaý” Sammitine gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekili, HHR-iň daşary işler ministriniň birinji orunbasary (ministr derejesinde) Ma Çžaosýuýy kabul edilendigi baradaky TDH habarynda bellenip geçilýär. Habarda bellenişine görä, HHR-iň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekili, HHR-iň daşary işler ministriniň birinji orunbasary (ministr derejesinde) Ma Çžaosýuý wagt tapyp kabul edendigi hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny ýetirdi hem-de şu ýylyň 18-19-njy maýynda geçiriljek “Merkezi Aziýa + Hytaý” Sammitine gatnaşmaga iberen çakylygyny gowşurdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň bu Sammite gatnaşmak üçin gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşylýandygyny aýtdy.
Bellenilişi ýaly, Hytaýda Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň, şol sanda “Merkezi Aziýa + Hytaý” görnüşinde mundan beýläk-de ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler ýolunda ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerine uly buýsanç bilen garalýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow myhmany gadymy türkmen topragynda mähirli mübärekläp, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, häzirki wagtda täze many-mazmuna eýe bolýan Hytaý bilen gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmeginiň hem-de pugtalandyrylmagynyň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Türkmen-hytaý gatnaşyklarynda Merkezi Aziýa möhüm ornuň degişlidigini belläp, döwlet Baştutanymyz “Merkezi Aziýa + Hytaý” Sammitine gatnaşmaga çakylyk üçin HHR-iň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we mümkinçiliklerini hasaba almak bilen, özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly kuwwata eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşmalar boldy. Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem köp babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we diwersifikasiýalaşdyrylmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň ýanwar aýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda Pekinde geçirilen gepleşikleriň ähmiýeti bellenildi. Şol gepleşikleriň jemleri deňhukuklylyk, özara bähbitlilik hem-de açylýan mümkinçilikleriň artykmaçlyklaryna göz ýetirmek ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan strategiki hyzmatdaşlygyň ýolunda möhüm ädim boldy.
Türkmenistan bilen HHR halkara giňişliginde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler, BMG-niň we beýleki iri halkara guramalarynyň çäklerinde aýratyn ähmiýetli başlangyçlary hem-de teklipleri ilerletmekde birek-biregi yzygiderli goldaýarlar.
Türkmenistan we Hytaý Halk Respublikasy oňyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmek bilen söwda-ykdysady ulgamda, ýangyç-energetika toplumy ýaly we beýleki pudaklaryň ileri tutulýan ugurlarynda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler, bu ugurlarda bar bolan kuwwatlyklary hasaba almak bilen, umumy tagallalaryň birleşdirilmegi has netijeli hasap edilýär.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Ma Çžaosýuý wagtyň synagyndan geçen netijeli döwletara gatnaşyklarynyň umumy bähbide täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp geljekde hem ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Hytaýyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary