JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaby türk we beýleki dillere terjime edildi

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türk, arap we nemes dillerine terjime edilen «Atda wepa-da bar, sapa-da» diýen kitaby bilen tanyşdyryş dabarasy boldy.

Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çärä döwlet işgärleri, daşary ýurtlaryň ilçileri, medeniýet, edebiýat we sungat işgärleri, jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdylar.  Bu çärä Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral,  Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Naýthart Höfer-Wissing hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Abdulaziz Al Haşimi hem gatnaşdy. Diplomatlar türkmen Lideriniň görnükli eseriniň terjime edilmeginiň wekilçilik edýän ýurtlarynyň okyjylarynda uly gyzyklanma döredendigini bellediler. Munuň özi olara ahalteke bedewleriniň taryhy we häzirki ösüşi bilen tanyşmaga, Türkmenistanda atçylygyň ösüşiniň döwürleri barada köp zatlary bilmäge mümkinçilik berdi.

Tanyşdyryş dabarasynda çykyş edenler türkmen Lideriniň ajaýyp edebi dilde ýazylan eseriniň özünde hakyky ylmy maglumatlary jemleýändigini, onda taryhy maglumatlaryň, halk döredijiliginiň eserlerinden parçalaryň getirilýändigini, onuň her bir setirinde behişdi bedewlere bolan guwanjyň duýulýandygyny bellediler. Indi bu kitap arap, nemes we türk dillerinde gürleýän okyjylar üçin hem elýeterli boldy. Olara ähli döwürlerde türkmenleriň atyna nähili aýawly garandyklaryny, ahalteke atlarynyň gelip çykyşyny, olaryň türkmenler we beýleki halklar üçin ähmiýetini bilmek gyzykly bolar.

Owadan suratlar bilen bezelen bu kitap geçen ýyl türkmen, iňlis we rus dillerinde çapdan çykypdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Ýusuf Azmun: täze kitap iňlis we türkmen dili üçin gymmatly gollanma

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady

Gruziýa türkmen gazyny we nebitini üstaşyr geçirmekde goldaw bermäge taýýar

Türkmenistan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy