JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gurban Baýramy gutlagy

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

Sizi belent ynsanperwerlik gymmatlyklaryny we egsilmez ruhy baýlygy özünde jemleýän mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, mübärek gurbanlyk günlerinde amal edilen tagat-ybadatlar, berlen sadakalar, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň we merdana halkymyzyň abadançylygynyň, bütin adamzadyň bagtyýar hem-de parahat durmuşynyň hatyrasyna edilen doga-dilegler Gudraty güýçli Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Watansöýüjiligi, gaýduwsyzlygy, paýhaslylygy bilen halallygy, päkligi, dogruçyllygy ileri tutýan biziň halkymyz gadymyýetden gözbaş alýan, milli öwüşginlere baý ajaýyp maddy we ruhy gymmatlyklary döredip, dünýäniň medeni ösüşine uly goşant goşupdyr. Päk ahlaklylygy, wyždan arassalygyny ündeýän ynanç-ygtykatlaryň, adat-dessurlaryň, ynsanperwer kadalaryň we dünýewi gymmatlyklaryň kemala gelmegi, baýlaşmagy hem-de dünýä ýaýramagy babatda mynasyp orny eýeläpdir.

Ynsan ýürekdeşligine, dost-doganlygyna hem-de hoşniýetlilige ýugrulan şeýle ajaýyp däpleriň, watansöýüji, adalatly, sabyr-kanagatly, sahawatly bolmak baradaky müdimi ýörelgeleriň döremeginde Abdylla ibn Mübärek, Abusagyt Abulhaýyr, Nejmeddin Kubra, Mahmyt Zamahşary, Jelaleddin Rumy, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy ýaly meşhur akyldarlarymyzyň hyzmaty uludyr. Bütin durky bilen halallyga, arassa ahlaklylyga uýan ata-babalarymyz ynsanperwerligi, dost-doganlygy we dogruçyllygy, hoşniýetliligidir ýagşylyk etmegi durmuş kadasyna öwrüpdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu kadalar her bir maşgalanyň asudalygynyň we abadançylygynyň, tutuş jemgyýetimiziň agzybirliginiň hem-de bitewüliginiň girewi bolup hyzmat edýär.

Biz müňýyllyklaryň dowamynda dinini, däp-dessurlaryny we dilini arassa saklap gelen merdana halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, asylly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýäris hem-de baýlaşdyrýarys. Nesillerden-nesillere geçip gelýän mukaddes ynançlaryň we adatlaryň, sahawatlylyk, hoşniýetlilik, birek-birege sarpa goýmak ýaly ynsanperwer däpleriň esasynda ösdürýäris. Ýurdumyzda Gurban baýramynyň üç günläp döwlet derejesinde agzybirlikde bellenilmegi hem täze taryhy eýýamda biziň şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan milli dessurlarymyza, belent umumadamzat gymmatlyklaryna uly sarpa goýýandygymyzy, üýtgewsiz ygrarlydygymyzy aýdyň tassyklaýar.

Eziz halkym!

Asyrlaryň dowamynda biziň gadymy topragymyzda halkymyzyň döreden müdimilik mirasy, beýik geçmişimiz, maddy we ruhy gymmatlyklarymyz milli baýlygymyzdyr hem-de buýsanjymyzdyr. Nesilleri baglanyşdyrýan we jebisleşdirýän bu gymmatlyklarymyza aýawly çemeleşmek, belent ruhy-ahlak ýörelgelerimizi yzygiderli baýlaşdyrmak hem-de dünýä ýaýmak, halkymyzyň döredijilik mümkinçiliklerini giňeltmek jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini kesgitleýän esasy ölçeglerdir. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, nesil terbiýesinde akyl-paýhaslylygyň ajaýyp nusgasy bolan maddy we ruhy mirasymyza, beden we ahlak arassalygyna aýratyn ähmiýet beren pederlerimiziň döreden asylly kadalaryny biz hemişe özümize nusga edinip gelýäris.

Mähriban halkymyzyň döredijilikli zähmetine, ykdysadyýetimiziň kuwwatly mümkinçiliklerine daýanyp, biz Garaşsyz, Bitarap döwletimizi belent sepgitlere tarap bedew bady bilen ynamly öňe alyp barýarys. Berkarar Watanymyzyň ykdysady, medeni-durmuş ösüşi babatda dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine çykmagyna gönükdirilen giň gerimli maksatnamalary netijeli durmuşa geçirýäris.

Durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmeleri üstünlikli amala aşyrýarys. Ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, orta we ýokary okuw mekdeplerini, çagalar baglaryny, saglyk merkezlerini, önümçilik we durmuş maksatly iri desgalary, häzirki zaman ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny, şäherdir obalary giň gerim bilen gurup, gadymy ülkämiziň keşbini has-da gözelleşdirýäris.

Biz milli bähbitlerimiziň, şeýle hem dünýä bileleşiginiň bähbitleriniň we ählumumy parahatçylygyň hem-de abadançylygyň hatyrasyna döwletleriň we halklaryň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak we has-da ösdürmek üçin uly tagallalary edýäris. Bütin dünýäde asudalygyň we dost-doganlygyň pugtalanmagyna, medeniýetleriň baýlaşmagyna hem-de halklaryň has-da ysnyşmagyna, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşýarys. Çünki sazlaşykly ösýän ýurtlaryň hatarynda öňdäki orunlary eýeleýän Bitarap döwletimiziň barha kuwwatlanmagy, dünýädäki at-abraýynyň yzygiderli ýokarlanmagy, milli däp-dessurlarymyzyň dabaralanmagy ugrunda ähli tagallalary etmek biziň her birimiz üçin uly mertebedir. Eziz Watanymyza ak ýürekli we yhlasly hyzmat etmek mukaddes borçdur.

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

Sizi mukaddes Gurban baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

 

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Ýene-de okaň

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi