JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýylyň ýolbaşçylaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Ishak Gersoga we Premýer-ministr Binýamin Netanýahuwa Ysraýyl Döwletiniň Garaşsyzlygynyň şanly 75 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Ysraýyl Döwletiniň arasyndaky gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny nygtap, häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini we täze many-mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen belledi hem-de bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

“Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda oňyn hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Biz türkmen-ysraýyl gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňeldilmegine gyzyklanma bildirýäris we bar bolan mümkinçilikleri ulanmak arkaly olaryň geljekde has-da ösdüriljekdigine berk ynanýarys” diýip, hormatly Prezidentimiz hatynda nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ishak Gersoga we Premýer-ministr Binýamin Netanýahuwa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, Ysraýyl Döwletiniň ähli dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri