JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýylyň daşary işler ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ysraýylyň Daşary işler ministri Eli Koeni kabul etdi. Bu barada Ysraýylyň Daşary işler ministri özüniň “Twitter” sahypasynda habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we Ysraýylyň Daşary işler ministri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ysraýylda ilçihanasyny açmak mümkinçiligine serediljekdigini aýtdy.

Ysraýylyň Daşary işler ministri Eli Koen düýn agşam sapar bilen Aşgabada geldi. Ministr Eli Koen Türkmenistana saparynyň çäginde Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy. Şeýle hem ol Aşgabat şäherinde Ysraýylyň ilçihanasyny açylyş dabarasyna gatnaşar.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri