JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşjakdygy barada aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk edýär. Bu guramanyň 15-nji sammiti 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirildi. Ýurdumyzyň başlyklyk eden döwründe Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň giňişliginde söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika, energetika, şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen degişli Konsepsiýa işlenip taýýarlandy.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň netijeleri boýunça jemleýji resminama, ýagny hereketleriň Aşgabat konsesusy kabul edildi.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky 16-njy sammitini 8-9-njy noýabrda geçirmek göz öňünde tutulýar.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň jemagat hojalyklaryna täze tehnikalar gelip gowuşdy

Türkmenistan-BMG: Parahatçylyk we Bitaraplyk uniwersitetini döretmek maslahatlaşyldy

Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Şu ýyl Türkmenistanda Azerbaýjanyň Medeniýet günleri geçiriler

Arkadag şäherinde Merkezi Aziýa sebiti boýunça ilkinji tehnologiýalar ornaşdyrylýar

Ata Watan Eserleri

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy iş gerimini barha ilerledýär

Ata Watan Eserleri