JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Putini Türkmenistana çagyrdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Döwlet Baştutanymyz Prezident Wladimir Putini doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk, Russiýanyň halkynyň bähbidine alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmäge berýän uly ünsi üçin Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi we Russiýanyň Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşy bolup durýandygyny, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny aýtdy.

RF-niň Prezidenti gutlaglar üçin hoşallyk bildirip, dostluk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän döwletara dialogy pugtalandyrmakda döwlet Baştutanymyzyň uly goşandyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ýurtlarymyz dürli ugurlar boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Döwlet Baştutanymyz türkmen-rus döwletara dialogynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeliligini belledi. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz russiýaly kärdeşini Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumyna gatnaşmaga çagyrdy.

Prezident Wladimir Putin çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan syýasatynyň sebitde parahatçylygy we abadançylygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetini belledi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin birek-birege berk jan saglyk, işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Ýene-de okaň

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi

17 ýurduň raýaty Türkmenistanyň üsti bilen Eýrandan öz ýurduna barar

Täjigistanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Ogulabat ejäniň hünäri – türkmen zenanlary üçin görelde sungat mekdebidir

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýda talyp hakly okamak mümkinçiligi