JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti we dünýä liderleri Bitaraplyk binasyna gül goýdular

Şu gün türkmen halky Halkara Bitaraplyk güni, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyny giňden belleýär.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan halkara wekilçilikli foruma gatnaşmak üçin dünýäniň dürli döwletleriniň Prezidentleri, Premýer-ministrleri hem-de halkara we sebit guramalaryň ýolbaşçylary Aşgabada geldiler.

Hormatly myhmanlaryň hatarynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan, San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karluş Manuel Wila-Nowa, Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşid we beýlekiler bar.

Halkara Bitaraplyk güni, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar Bitaraplyk binasyna gül goýmak bilen başlady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen bir hatarda beýleki döwletleriň ýolbaşçylary Bitaraplyk binasyna gül goýdular.

Ilki bilen döwlet Baştutanlary, soňra Premýer-ministrler, halkara we sebit guramalaryň ýolbaşçylary, ýurdumyň ministrlikleriniň ýolbaşçylary, daşary ýurtly myhmanlar hem-de ildeşlerimiz gül goýmak tertibini amala aşyrdylar.

Ýene-de okaň

«Ak Işan» aramgähine mugt awtobus gatnawlary başlanýar

«Galkynyş» topary Azerbaýjanda çykyş etdi

«Talyp gözeli-2026» atly gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Ata Watan Eserleri

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi

17 ýurduň raýaty Türkmenistanyň üsti bilen Eýrandan öz ýurduna barar