JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we Türkiýäniň doganlyk halkyna milli baýram — Respublika güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkiýe Respublikasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy gyşarnyksyz berkitmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, taryhyň synagyndan geçen türkmen-türk doganlyk gatnaşyklarynyň bu gün baý tejribä eýedigini we syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky ileri tutulýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň berk binýadyny emele getirýändigini nygtady. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy uzak möhletleýinlik, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz Prezident Rejep Taýyp Ärdogana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Türkiýäniň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen FAO guramasynyň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi

ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Goruň Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy guralar

Türkmenistanda FAO-nyň wekilhanasyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi