JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Tokioda resmi kabul edişlik dabarasyna gatnaşdy

«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin Tokioda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaitiniň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň hormatyna guralan resmi kabul edişlik çäräsine gatnaşdy.

Bu barada ýapon neşirleri habar berýär. Resmi kabul edişlik çäräsi ýapon paýtagty Tokionyň Akasaka köşgünde geçirildi. Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaitiniň gurnamagynda geçirilen çärä Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen bir hatarda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon gatnaşdy.

Ertir «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammiti geçiriler we onda Ýaponiýa bilen sebit ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşylar.

Tokioda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde  Ýaponiýanyň imperatory Naruhito bilen duşuşdy. Bu duşuşyk şu ýyldaky ikinji duşuşyk bolup, hormatly Prezidentimiz aprel aýynda Ýaponiýa amala aşyran saparynda hem ýapon imperatory bilen duşuşypdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen işewürlik duşuşygyny geçirdi, şeýle hem Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy Fukuşiro Nukaga we Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň ýapon böleginiň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşyklary geçirdi.

Häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitini dünýäniň öňdebaryjy döwletleri bilen birleşdirýän 10-dan gowrak «Merkezi Aziýa +» formaty hereket edýär. Şu ýyl bu format boýunça iň köp duşuşyklaryň geçirilen ýyly boldy. Ol ýokary derejeli duşuşyklar «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi», «Merkezi Aziýa — Russiýa», «Merkezi Aziýa — Italiýa», «Merkezi Aziýa — Hytaý», «Merkezi Aziýa — ABŞ» sammitlerinden ybaratdyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji sergisi – türk eksport harytlarynyň sergisi

“Napoli” Italiýanyň Superkubogyny gazandy

Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» kitabyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyşy geçirildi

Putin: Russiýa 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegine goldaw bermäge taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti we GDA-nyň liderleri Döwlet Ermitažyna baryp gördüler

Ata Watan Eserleri