JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentine Türkiýäniň “TOGG” kysymly elektrikli awtoulaglary sowgat berildi

Türkiýe Respublikasynda işlenip düzülen we öndürilen “TOGG” ady bilen meşhurlyk gazanan elektrikli ulag Türkmenistana getirildi. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine “TOGG” kysymly elektrikli awtoulaglary sowgat hökmünde iberdi.

Şu gün ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda ilkinji “akylly” şäher bolan Arkadag şäheri açylyp ulanmaga berildi. Bu dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza Türkiýe Respublikasynyň senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyry hem-de Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu hem-de dünýäniň 50-den gowrak döwletinden köp sanly myhmanlar gatnaşdy.

Şol dabaralaryň çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyry hem-de Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň Prezidentine Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň adyndan “TOGG” kysymly elektrikli awtoulagy sowgat berdi.

Türkiýäniň wekiliýet agzalary Türkmenistanyň Prezidentine awtoulaglaryň açarlaryny uly hormat bilen gowşurdylar. Soňra Türkmenistanyň Prezidentine bu awtoulag barada maglumat berdiler.

“TOGG” kysymly awtoulaglaryň köpçülikleýin önümçilik zawody 2022-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda açyldy. Şol açylyş dabarasynda Prezident Ärdogan ilkinji awtoulagy synag edip görüpdi. Elektrikli awtoulaglaryň her ýyl 177 müňüsi öndüriler. 2030-njy ýyla çenli önümçilik kuwwaty 1 milliona ýetiriler.
Awtoulaglar 2 görnüşde – 200 we 400 at güýjünde çykarylýar. Onuň iň kuwwatlysy 4,8 sekuntda sagatda 100 kilometrlik tizlige ýetip bilýär. Awtoulag bir gezeklik zarýad bilen 500 kilometr menzil geçip bilýär.
Mundan ozal, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň adyndan Özbegistanyň Prezidentine hem-de Azerbaýjanyň Prezidentine “TOGG” kysymly awtoulaglar sowgat edilipdi.

Ýene-de okaň

Seulda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji Sammitine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Prezidenti ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň ylym we bilim ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Waşingtonda ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Neda Berger bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy