JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti täze teklipleri öňe sürdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Duşenbede geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda çykyş edip, sebitde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly anyk teklipleriň birnäçesini öňe sürdi. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz çykyşynda Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda-da gönüden-göni Merkezi Aziýa sebitindäki ösüş bilen bagly birnäçe başlangyjy dünýä bileleşiginiň dykgatyna ýetirjekdigini aýratyn nygtady.

Şolaryň hatarynda BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça dialogy esaslandyrmak, BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň oňaýly formatyny we düzümini kesgitlemek üçin guramanyň degişli düzümleri bilen geňeşmeleri geçirmek, Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini döretmek bilen bagly teklipler bar.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz sebit ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde, özara haryt dolanyşygyny artdyrmakda anyk we herekete ukyply ölçegleriň zerurdygyna ünsi çekip,

  • Merkezi Aziýanyň Söwda edarasyny döretmek meselesine garamagy;
  • Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini we Energetika dialogyny döretmegi teklip etdi.
  •  Sebitiň döwletleriniň umumy tagallalary esasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Ýewraziýa yklymynyň beýleki sebitleriniň arasynda ýük we ýolagy gatnawlary üçin yzygiderli esasda amatly şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy sammitde Merkezi Aziýa Ulag-logistika platformasyny işe girizmegiň mümkinçiligine garamagy hem teklip etdi.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri