JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilýän türkmen-täjik geňeşmelerine gatnaşmak üçin paýtagtymyza sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň daşary işler ministriniň şu gezekki saparynyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen meýilleşdirilen syýasy geňeşmeleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmaga mümkinçilik berjekdigini belledi we saparyň netijeleriniň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursatyndan bäri geçen 30 ýylda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk işjeň ösdürildi we häzirki wagtda hem yzygiderli pugtalandyrylýar. Dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň netijeli gurallary ýola goýuldy, berk hukuk binýady döredildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistana amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydyklarynyň tassyklanandygyny hem-de ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekilendigini kanagatlanma bilen belledi.

Şeýle hem Türkmenistan bilen Täjigistanyň syýasy-diplomatik ulgamda netijeli hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy.

Köpugurly türkmen-täjik hyzmatdaşlygy bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow söwda-ykdysady, medeniýet, bilim, ulag we beýleki ulgamlardaky özara gatnaşyklara ünsi çekdi hem-de bar bolan kuwwaty doly derejede peýdalanmak üçin mundan beýläk-de bilelikdäki işe taýýardygyny nygtady.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy: Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi boýunça Hytaýa 460 milliard kubmetre golaý tebigy gaz iberildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Hytaý bilen haryt dolanyşygymyz her ýyl 9-10 milliard dollara barabar bolýar

Hytaý kompaniýasy “Galkynyş” gaz käninde 10 milliard kubmetr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany gurar

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Özbegistanyň Prezidenti bilen telefon söhbetdeşligi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Oraza baýramynyň hormatyna baýram namazy okaldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýyň halkara atçylyk toplumyna baryp gördi