JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň, şeýle hem hut öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpini ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady.

– Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda soňky ýyllarda Hytaý depginli ösýär. Halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Halkara işlerinde işjeň orun eýeleýär. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn strategik hymatdaşlyk häsiýetine eýedigini kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Şu ýylyň ýanwar aýynda Siziň ýurduňyza amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde bu gatnaşyklara tze itergi berildi – diýip, Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlagynda bellenilip geçilýär.

Döwlet Baştutany türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny has ýokary derejä çykarmak üçin bilelikde mundan beýläk-de ähli tagallalary etmäge taýýardygyny beýan etdi.

Şeýle hem  türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpini ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri