JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: raýatlarymyzyň hukuklaryny goramak meniň esasy borjum bolar

Şu gün paýtagtymyz Ruhyýet köşgünde geçirilen dabarada resmi taýdan wezipesine girişen Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, bu wezipede nähili işlejekdigi, ilkinji nobatda zerur bolan haýsy meselelere seretjekdigi barada belläp geçdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz çykyşyna ählihalk saýawlaryna özüne bildirilen ynam üçin ýurdumyzyň halkyna öz hoşallygyny bildirmek bilen başlady.

«Biziň esasy maksadymyz mähriban Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de özara ynanyşmagy berkitmegi üpjün etmekdir» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şu belent maksatlara ýetmegiň ýoly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde kabul edilen hem-de ata Watanymyzyň geljek 30 ýylda gülläp ösmegine gönükdirilen Milli maksatnamada aýdyň beýan edildi.

BIZ DÜNÝÄNIŇ ÝURTLARY WE HALKLARY ÜÇIN AÇYKDYRYS

Çykyşda bellenişi ýaly, biziň döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan ýörelgeler, anyk aýdylanda bolsa, Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, durnukly ösüşi üpjün etmek geljekde hem Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolar.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Halk Pul Gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam öüş banky we beýleki halkara maliýe-ykdysady guramalary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkideris.

Biz dünýäniň ähli ýurtlary we halklary üçin açykdyrys. Olar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary geljek hem ösdürmegi maksat edinýäris. Ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň ýokary halkara abraýyny has-da berkideris. Sebäbi, Watanymyzyň mertebesi – halkymyzyň mertebesidir.

RAÝATLARYMYZYŇ HUKUKLARYNY GORAMAK MENIŇ ESASY BORJUM BOLAR

Döwletimiziň Konstitusiýasynda raýatlarymyzyň kepillendirilen hukuklaryny goramak meniň esasy borjum bolar.

Biziň döwletimiz zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem ilata beýleki durmuş kömeklerini bermek boýunça görülýän çäreleri hiç wagtda ünsden düşürmez.

Köp çagaly maşgalalara döwlet goldawyny mundan beýläk-de gowulandyrmagyň, her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek esasy aladalaryň biri bolar.

Türkmenistanyň Prezidenti öz çykyşynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda geljekde ýerine ýetirilmeli işler barada umumylaşdyrylyp beýan edildi. ondan nebitgaz, elektrik energetika, telekeçiligi ösdürmek ýaly ugurlara aýrtyn orun berildi.

«Öz öňümde goýan maksatlarymy üstünlikli amala aşyrmakda men, ilkinji nobatda, halkymyza, onuň agzybirligine we jebisligine, aň-düşünjesine hem-de merdanalygyna bil baglaýaryn.

Watan diňe halky bilen Watandyr!

Döwlet diňe halky bilen döwletdir!

Eziz watandaşlarymyz! Agzybirligimiz bilen, ähli sepgitlere ýeteris» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz çykyşyny:

«Bu ýurt biziň Watanymyzdyr.

Bu ýer biziň topragymyzdyr.

Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys.

Ýaşasyn türkmen halky!

Ýaşasyn Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan!» diýen buýsançly sözler bilen jemledi.

 

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi