JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Sauda hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Ministrler Kabinetiniň Başlygy Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda we ýurduň ähli doganlyk halkyna Saud Arabystany Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda ýurdumyzyň Saud Arabystany bilen däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny belläp, Türkmenistanda Saud Arabystany Patyşalygy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berilýändigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz iki ýurduň doganlyk halklarynyň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine döwletara dialogyň bar bolan mümkinçilikleriniň doly herekete getiriljekdigine berk ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Salman ben Abdelaziz Al Sauda hem-de Mirasdüşer Şazada, Ministrler Kabinetiniň Başlygy Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Saud Arabystany Patyşalygynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi. “Goý, Gudraty Güýçli Allatagala Size ýurduňyzyň we külli musulman ymmatynyň bähbidine gönükdirilen ähli asylly başlangyçlaryňyzda medet bersin!” diýip, hormatly Prezidentimiz arzuwlaryny beýan etdi.

Ýene-de okaň

Türkmen-eýran serhedindäki gözegçilik geçiriş ýerleriniň işi kadaly dowam edýär

«Ak Işan» aramgähine mugt awtobus gatnawlary başlanýar

«Galkynyş» topary Azerbaýjanda çykyş etdi (suratlarda)

Ata Watan Eserleri

«Talyp gözeli-2026» atly gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Ata Watan Eserleri

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi