JEMGYÝET

Türkmenistanyñ Prezidenti pagta ýygymyna ak pata berdi

Şu gün — 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew ýurduň oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, döwlet Baştutanyna möhüm möwsüm bolan pagta ýygymyna girişmäge ak pata bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Hormatly PRezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda örän möhüm we jogapkärli möwsüm bolan pagta ýygymynyň ýetip gelendigini belledi.

Döwlet Baştutany bu möhüm çäräni guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynda 10-nji sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hormatly ýaşululardan pagta ýygymyna “Bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş edýändigini aýtdy.

Ýene-de okaň

Milli Liderimiz Arkadag şäherindäki 30 müň orunlyk metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri

«Jahan» döredijilik merkezi «Jahan» döredijilik we sport merkezi diýip atlandyrylar

Hytaýyň tejribeli lukmanlary Türkmenistana sapar bilen geler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi