JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti özbek Lideri bilen ýokary derejeli gepleşikleri geçirdi

Şu gün günüň ikinji ýarymynda Özbegistan Respublikasyna ilkinji döwlet saparyny amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. «Kuksaroý» köşgüniň öňündäki meýdançada belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasyndan soňra, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirildi.

 Köşgüň ikiçäk duşuşyklar otagynda iki halka mahsus açyklyk, birek-birege düşünişmek hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda däp bolan türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.

Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýydyr geljekki mümkinçilikleri, özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri babatda pikir alyşdylar. Syýasy-diplomatik ulgamda, şol sanda halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde özara hereketleri işjeňleşdirmek, Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, döwletara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmak, owgan meselesinde tagallalary birleşdirmek, suw-energetika serişdelerini rejeli peýdalanmak, Aral meselesi boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlyk, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak bilen bagly meseleler ýokary derejeli türkmen-özbek gepleşikleriniň esasyny düzdi.

Taraplar energetika, ulag ulgamlaryny, goňşy sebitleriň arasyndaky göni gatnaşyklary ösdürmegi, himiýa senagatyny, senagat kooperasiýasyny, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy hem ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdiler. Şunda hormatly Prezidentimiz Aşgabatda gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýän «Daşkent» seýilgähi barada aýdyp, onuň açylyp ulanmaga berilmeginiň iki ýurduň gatnaşyklarynyň taryhynda şanly wakalaryň birine öwrüljekdigine ynam bildirdi. Şeýle-de üstümizdäki ýylda Daşoguz welaýatynda türkmen-özbek döredijilik festiwalyny geçirmek teklip edildi.

Gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Onuň yzysüre iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistana bardy

Ýene-de okaň

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa — ASEAN” formatyny döretmek başlangyjy öňe sürýär

Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça goşmaça otly gatnawlary ýola goýuldy

“Arkadag” futbol kluby bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär