JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Moskwa şäherine bardy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherine bardy. Bu barada TASS habarlar gullugy habar berýär.

Golaýda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik bolupdy. Şonda Russiýa Federasiýasynyň Baştutany türkmen kärdeşini Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere gatnaşmaga çagyrdy. Hormatly Prezidentimiz çakylyk üçin dostlukly döwletiň Liderine minnetdarlyk bildirdi.

Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko we Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan Moskowa şäherine bardylar.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri