JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti meşhur Registan meýdançasyna bardy

Şu gün — Özbegistana döwlet saparynyň ikinji gününde Samarkantda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu şäheriň iň meşhur künjekleriniň biri hasaplanýan Registan meýdançasyna baryp gördi we onuň çägindäki desgalaryň aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşdy.  Bu barada “Türkmenistan” gazetinde elektron neşirinde habar berilýär.

Samarkant — syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýän gözel künjekleriň şäheri. Onuň çäginde şeýle ýerlere her ädimde duşmak bolýar. Meşhur Registan meýdançasy bolsa Samarkandyň özboluşly nyşany hökmünde tanalýar.

Meýdançada XV — XVII asyrlara degişli medreseleriň 3-si ýerleşip, olar bir bitewi binagärlik gurluşyny emele getirýär. Bu medreseler şol döwürlerde yslam dinini öwrenmek isleýänler üçin ruhy bilim merkezleri bolup hyzmat edipdir. Her medresäniň öz ýaşaýyş otaglary, metjidi hem-de içerki howlusy bolupdyr. Biziň günlerimize çenli abat ýagdaýda gelip ýeten bu arhitektura toplumy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendir.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Samarkantdaky meşhur obserwatoriýa baryp gördi

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rafael Grossi bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar sebite ýaramaz täsirini ýetirýär

Ata Watan Eserleri

Seulda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji Sammitine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Prezidenti ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň ylym we bilim ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary