Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde iş sapayrnda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň önüm öndürijileriniň sergisine baryp gördi.
Sergini Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşan Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew aýlanyp gördüler.
Täjigistanyň senagat önümleriniň zalynda 2310 inedördül metr meýdanda Täjigistanyň, 1815 inedördül metr meýdanda bolsa, Merkezi Aziýa döwletleriniň – Türkmenistanyň, Özbegistanyň hem-de Gazagystanyň önüm öndürijileriniň önümleriniň giň gerimli sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Hususan-da, bu ýerde dokma, ýeňil senagaty, awtomobil gurluşygy, dag magdan senagaty, energetika, maglumat tehnologiýasy, oba hojalygy we beýleki ugurlarda öndürilýän önümler görkezildi.
Serginiň çäklerinde döwlet Baştutanlary Türkmenistanyň önüm öndürijileriniň önümleriniň görkezilýän bölegine hem baryp gördüler. Bu ýerde türkmen haryt öndürijileriniň halkara talaplaryna laýyk gelýän önümleriň köp görnüşi görkezildi.
Türkmenistandan önümçilik kompaniýalarynyň 100-den gowrak wekili sergä gatnaşdy we dokma, metallurgiýa, himiýa, energetika we beýleki önümleri giňden hödürledi.
Özbegistanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň önümçilik kärhanalarynda öndürilýän önümleriniň ýakyn we uzak ýurtlara, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlaryna eksport edilýändigi we dünýä bazaryndaky standartlara laýyk gelýändigini göz öňünde tutup, uly isleg bildirilýändigi bellenildi.
