JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşdy

Şu gün Gazagystan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşdy.

Şeýle hem bu sammite Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Jorja Meloni, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow hem-de Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon gatnaşdy.

Sammitde sebit ýurtlary bilen Italiýanyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle formatda ilkinji gezek geçirilýän bu sammit Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Italiýanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze mümkinçilikleri açar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýyldan gözbaş alýar. Bu ýurda 2009-njy we 2019-njy ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň resmi saparlary, 2015-nji ýylda bolsa iş sapary amala aşyryldy. 2014-nji ýylda Italiýanyň Premýer-ministri Türkmenistana iş sapary bilen geldi.

 

Ýene-de okaň

Türkmen-eýran serhedindäki gözegçilik geçiriş ýerleriniň işi kadaly dowam edýär

«Ak Işan» aramgähine mugt awtobus gatnawlary başlanýar

«Galkynyş» topary Azerbaýjanda çykyş etdi (suratlarda)

Ata Watan Eserleri

«Talyp gözeli-2026» atly gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Ata Watan Eserleri

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi