JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa-Hytaý» sammitine gatnaşýar

Gazagystanyň paýtagty Astana şäherindäki «Garaşsyzlyk» köşgünde «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky ikinji sammit öz işine başlady. Oňa Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin we Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň Liderleri bilen bilelikde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşýar. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň kabul etmeginde geçirilýän sammite Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşýarlar.

«Merkezi Aziýa — Hytaý» formaty 2020-nji ýylda döredilen ýaş hyzmatdaşlyk meýdançasy hasaplanýar. Şeýle-de bolsa, şu geçen döwrüň dowamynda Alty ýurduň Liderleri 2022-nji ýylyň ýanwarynda onlaýn tertipde, 2023-nji ýylyň maýynda bolsa Sian şäherinde ýüzbe-ýüz görnüşde ýokary derejeli duşuşyklary geçirdiler. Astanada geçirilýän ikinji sammitiň gün tertibi hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen meseleleriň giň toplumyny öz içine alýar. Syýasy dialogy giňeltmek; söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak; üstaşyr ulag baglanyşygyny ösdürmek; energetika we innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy ilerletmek şolaryň hataryndadyr. Şunda sebitleýin howpsuzlygy üpjün etmek meselesine aýratyn ähmiýet berler.

Sammitiň maksatnamasyna laýyklykda, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew giriş sözi bilen çykyş etdi. Ýokary derejeli duşuşyga gatnaşýan ýurtlaryň Baştutanlary, şol sanda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem sammitiň dowamynda çykyş edip, altytaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak babatda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryny beýan eder.

Sammitiň jemleri boýunça möhüm resminamalaryň ikisine — Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň arasynda hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama hem-de Astana Jarnamasyna gol çekilmegi meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Oraza aýy-2026 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Portugal tälimçi: “Arkadag” topary güýçli toparlaryň biridir

Mergen Orazow: Er-Riýaddaky jogap duşuşygyna çynlakaý taýýarlyk göreris

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” – “Al-Nasr” duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady