JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy

Şu gün Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygyna Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentleri gatnaşdylar.

Forumda ykdysady meseleleriň çäklerinde döwlet Baştutanlary özara haryt dolanyşygyny giňeltmek, maýa goýum hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak, şeýle hem möhüm ulag-logistika arabaglanyşygyny ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar. Mundan başga-da, suw hojalygy, energetika, medeni-ynsanperwer, saglygy goraýyş ulgamlarynda tagallalary utgaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär.

Sebit çalt depginler bilen dünýä ykdysadyýetine goşulýar: onuň maýa goýum taýdan özüne çekijiligi artýar, üçünji ýurtlaryň bazarlaryna eksport mümkinçilikleri giňelýär, üstaşyr geçirijilik kuwwaty güýçlenýär. Geçen ýyl sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky özara söwdanyň möçberi 10,7 milliard dollara ýetdi, Merkezi Aziýa goýlan maýa goýumlarynyň jemi möçberi 17 göterim artdy.

Halkara subýektligi berkeýär we sebitiň ählumumy meselelerdäki orny ýokarlanýar, “Merkezi Aziýa+” görnüşindäki hyzmatdaşlyk güýçlenýär, sebit abraýly halkara meýdançalarda ýeke-täk garaýyş bilen çykyş edýär.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna Özbegistanyň başlyklyk eden döwründe 20-den gowrak uly çäre geçirildi. Wise-premýerleriň derejesinde Sebitara hyzmatdaşlyk Forumynyň işi ýola goýuldy, ilkinji gezek goranmak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, ýörite gulluklaryň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem geologiýa, senagat, oba hojalygy, ekologiýa we medeniýet ministrleriniň mejlisleri boldy. Duşuşygyň öňüsyrasynda Daşkentde Merkezi Aziýanyň Zenan ýolbaşçylarynyň dialogy üstünlikli geçirildi.

Türkmenistan halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda, bu dialogda umumy meseleleriň ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar.

Konsultatiw duşuşyklaryň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyçlary hemişe toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň howpsuzlygyny we durnukly ösüşini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Munuň özi ýurdumyzyň bu hyzmatdaşlyk formatynda eýeleýän netijeli ornuny tassyklaýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Russiýanyň Prezidentiniň rezidensiýasyna edilen hüjümi ýazgardy

“Arkadag” topary Ronaldoly “Al-Nasr” topary bilen bije çekişdi

Ata Watan Eserleri

Astana şäherinde sürüjisiz taksi taslamasy 2026-njy ýylda işe giriziler

Türkmenistan 2026-njy ýyldaky sammitleriň gün tertibine suw meselesini girizmegi maksat edinýär

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň okgunly ösüşine ýokary baha berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Özbegistanyň Prezidentiniň telefon söhbetdeşligi