JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha Kuweýt Döwletiniň Emiri hökmünde tagta geçmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Biz Türkmenistan bilen Kuweýt Döwletiniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklara ýokary baha berýäris. Bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde-de halklarymyzyň bähbidine ösdüriljekdigine we giňeldiljekdigine berk ynanýarys” diýlip, gutlag hatynda bellenilýär.

Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Emir Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha tüýs ýürekden berk jan saglyk, egsilmez gujur-gaýrat, bagtyýarlyk, Kuweýt Döwletiniň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Sadyr Žaparow: gyrgyz-türkmen gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar

Türkmenistanda gowaça ekişine badalga berildi

Putin: Russiýa Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürer

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy