JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti: ilat ýazuwynyň jemlerine görä meýilnamalara takyklamalar girizilmeli

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda ilat ýazuwynyň jemlerinden ugur alyp, geljek ýyllardaky meýilnamalara takyklamalar girizilse, maksadalaýyk boljakdygyny hasaplaýar.

«Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl sanly tehnologiýalar arkaly ýurdumyzyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçirildi. Halkara standartlaryna doly laýyklykda ýerine ýetirilen bu işe Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň bilermenleri ýokary baha berdiler» – diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Arkadagly Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, Ilat ýazuwynyň netijeleri boýunça 2022-nji ýylyň 17-nji dekabryndaky ýagdaýa görä, ýurdumyzyň ilaty 7 million 57 müň 841 adam boldy.

«Şunuň bilen baglylykda, biziň öňümizde täze wezipeler ýüze çykýar. Ilat ýazuwynyň jemlerinden ugur alyp, geljek ýyllardaky meýilnamalarymyza degişli seljermeler geçirilip, takyklamalar girizilse, maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýaryn» – diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri