Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl sammitine gatnaşdy.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen sammite – Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarusuň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdy.
Duşuşykda çykyş eden Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin her ýyl Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilmegi däbe öwrülen GDA-nyň ýokary derejeli resmi däl sammitinde ýylyň dowamynda alnyp barlan işleriň netijelerine garalýandygyny we halkara hem-de sebit meseleleri boýunça pikir alşylýandygyny belledi.

Wladimir Putin 2025-nji ýylda GDA başlyklyk eden Täjigistanyň alyp baran işlerine ýokary baha berip, 2026-njy ýylda GDA başlyklyk etjek Türkmenistana guramanyň çäginde alyp barjak işlerinde üstünlikler arzuw etdi. Şeýle hem Wladimir Putin ähli ugurlarda Türkmenistana goldaw bermäge taýýardyklaryny belledi.
Geçip barýan ýylda ýurtlarymyzyň arasyndaky köptaraply hyzmatdaşlyk umuman üstünlikli ösdi. Russiýanyň Arkalaşyga agza ýurtlar bilen haryt dolanşygynyň ep-esli mukdary muňa şaýatlyk edýär, şu ýylyň on aýynyň dowamynda takmynan 90 milliard dollara barabar boldy – diýip, Wladimir Putin belledi.
Wladimir Putin özara ykdysady amallara hyzmat etmek üçin GDA döwletleriniň pul-maliýe ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňelýändigini, daşary ýurt bank ulgamlaryna bagly bolmadyk, töleg gurallary barha işjeň ulanylýandygy, Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasyndaky täjirçilik geleşikleri boýunça hasaplaşyklarda milli pul birlikleriniň paýy eýýäm 96 göterimden geçendigini belledi.
