JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystana bardy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherine iş sapary başlandy.

Döwlet Baştutanymyzyň uçary Gazagystanyň Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Sammite gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen howa menzilinde belent mertebeli myhmanyň hormatyna haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi.

Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimizi Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri, Astana şäheriniň häkimi we Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary, şeýle-de ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti iş saparynyň barşynda Astana şäherinde geçirilýän «Merkezi Aziýa — Italiýa» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine gatnaşar. Hormatly Prezidentimiziň sammitde çykyş etmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle formatda ilkinji gezek geçirilýän bu sammit Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Italiýanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze mümkinçilikleri açar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýyldan gözbaş alýar. Bu ýurda 2009-njy we 2019-njy ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň resmi saparlary, 2015-nji ýylda bolsa iş sapary amala aşyryldy. 2014-nji ýylda Italiýanyň Premýer-ministri Türkmenistana iş sapary bilen geldi.

Ýene-de okaň

Britan Geňeşligi türkmen mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga goşant goşýar

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Bernardo Silwa tomusda “Mançester Siti” toparyndan gider

Kristofer Wizda: “Makul Iňlisçe-Türkmençe” gollanma seýrek duş gelýän gymmatlyk

Owganystanyň başlangyjy bilen ilkinji “Owganystan–Merkezi Aziýa” konsultatiw dialogy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri