JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti «Euronews» telekompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawidi kabul etdi.

Bellenilişi ýaly, duşuşykda myhman ak mermerli Aşgabadyň gözel keşbiniň özünde ýakymly täsir galdyrandygyny aýtdy.

Söhbetdeşlikde Ýewropanyň öňdebaryjy media düzümi bolan «Euronews» telekompaniýasy bilen Türkmenistanyň netijeli hyzmatdaşlygynyň oňyn tejribesi bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň medeni we taryhy mirasyny dünýä tanatmak hem-de syýahatçylygy ösdürmek ýaly ugurlarda «Euronews» telekompaniýasy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri barada hem aýratyn belläp geçdi we «Euronews» telekompaniýasynyň ýörite gepleşiklerinde Türkmenistan barada degişli wideofilmleriň görkezilýändigini aýtdy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygyny 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna çagyrdy hem-de onuň gatnaşmagynyň bu halkara forumyň üstünlikli geçmegine uly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri hem-de özara hyzmatdaşlygyň çäklerinde ozal ýerine ýetirilen we geljekde göz öňünde tutulýan taslamalar barada-da pikir alşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri