JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti dünýäde BMG-niň ýerini tutjak edaranyň ýokdugyny aýtdy

Hormatly Prezidentimiz Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Asssambleýasynyň 78-nji mejlisinde çykyş edip, dünýäde BMG-niň ýerini tutjak edaranyň ýokdugyny aýtdy. Bu barada Türkmen Döwlet Habarlar gullugy habar berdi.

«Häzirki zaman dünýäsinde Birleşen Milletler Guramasynyň orny baradaky çekişmeler, ony özgertmek boýunça teklipler netijesinde, bu Guramanyň ýerini tutjak edaranyň ýokdugy üýtgewsiz we äşgär bolup galýar» – diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, esaslandyrylan gününden bäri geçen onýyllyklaryň dowamynda bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasy, häzirki döwürde hem parahatçylygy saklamak we ählumumy hem-de hemmetaraplaýyn howpsuzlygy, halkara gatnaşyklarynyň häzirki gurluşynyň durnuklylygyny üpjün etmek üçin jogapkär bolan ýeke-täk köptaraply we kanuny gurama bolup çykyş edýär. Munuň özi Türkmenistanyň düýpli garaýşydyr – diýip, Arkadagly Serdarymyz aýratyn üns çekdi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şoňa görä-de, bolup geçýän wakalara hem-de meýillere oýlanyşykly, ideologiýalaşdyrylmadyk bahany bermek, dünýä syýasatynda ynamsyzlygy we gapma-garşylykly dartgynlygy ýeňip geçmek, ylalaşyk hem-de bähbitleri özara hasaba almak boýunça geljegi anyklamaga çalyşmak üçin, Bütindünýä Guramasynyň mümkinçiligini, syýasy-diplomatik guralyny, at-abraýyny yzygiderli we doly peýdalanmalydyrys.

«Muny diňe Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda aç-açan we dogruçyl gatnaşyklarda amala aşyryp bolar. Şeýle gatnaşyklary gazanmagyň ýönekeý bolmajakdygy äşgärdir. Şeýle-de bolsa, ol zerur bolup durýar» – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri