JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Gazagystana bardy

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 24-25-nji noýabr aralygynda Gazagystana Respublikasyna meýilleşdirilen döwlet sapary başlandy.

Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäheriniň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem-de resmi adamlar garşylady.

Iki ýurduň döwlet Baýdaklary bilen bezelen Astana şäheriniň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet sapary üçin hormat garawuly nyzama duruzyldy.

Otuz ýylyň dowamynda Gazagystan bilen Türkmenistan durnukly strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär. Häzirki wagtda iki ýurduň arasynda Merkezi Aziýada iň giň şertnama-hukuk binýadynyň biri hereket edýär — gatnaşylýan hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryny öz içine alýan köp sanly resminamalar toplumy hereket edýär, şol sanda Dostluk hakyndaky hem-de Strategik hyzmatdaşlyk baradaky şertnamalar bar.

Bilelikdäki işjeň gatnaşyklar BMG, ÝHHG, GDA ýaly halkara guramalaryň çäklerinde hem dowam edýär. Bu bolsa sebitleýin we global meseleler boýunça garaýyşlaryň utgaşdyrylmagyna ýardam berýär.

2024–2025-nji ýyllarda syýasy gatnaşyklar täze derejä çykdy. Soňky bir ýylyň dowamynda döwlet Baştutanlary 6-dan gowrak gezek duşuşdy — Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, “Merkezi Aziýa — Russiýa”, “Merkezi Aziýa — Germaniýa” sammitlerinde, Hazar döwletleriniň sammitlerinde hem-de iş saparlarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklarda energetika, üstaşyr we beýleki ugurlardaky bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen 2025-nji ýylyň aprelinde Turkistan şäherine amala aşyran dostlukly saparynda geçiren duşuşygy aýratyn ähmiýete eýe boldy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen FAO guramasynyň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi

ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Goruň Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy guralar

Türkmenistanda FAO-nyň wekilhanasyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi