JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet Maslahatynda çykyş etdi

Şu gün paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde welaýatlaryň wekilleriniň hem sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda geçirilýän Türkmenistanyň Döwlet Maslahatynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow maksatnamalaýyn çykyş etdi. Onda döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda içeri we daşary syýasatymyzda gazanylan üstünliklere giňişleýin syn berip, täze taryhy döwürde ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde durýan anyk wezipeleri kesgitledi. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.

«Biz beýik işlerimizi Watanymyza bolan söýgimiz bilen amala aşyrýarys. Gaýratly zähmetimiz bilen Watanymyzyň beýikligini has-da şöhratlandyrýarys» diýip, hormatly Prezidentimiz çykyşynda geçen taryhy döwürde milli ykdysadyýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda alnyp barlan işler, durmuşa geçirilen taslamalar, olaryň ähmiýeti barada jikme-jik durup geçdi.

Hususan-da, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak, daşary syýasatda dünýä döwletleridir halkara guramalar bilen ýola goýlan gatnaşyklary işjeňleşdirmek, ösüşiň senagat-innowasion ýoluny dowam etdirmek, çeýe salgyt we işjeň söwda syýasatyny alyp barmak, oba hojalygyny, dokma pudagyny döwrebaplaşdyrmak, «ýaşyl» ykdysadyýete, sanly ulgama geçmek işini höweslendirmek, hususy önüm öndürijileri goldamak, elektroenergetika, gurluşyk pudaklarynda möhüm taslamalary amala aşyrmak, döwrebap üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek ýaly ileri tutulýan ugurlar çykyşyň esasyny düzdi.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz döwlet ýaşlar syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, ylym-bilim, medeniýet, sport ulgamlarynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly meselelere ünsi çekdi. Şunda medeni diplomatiýanyň möhüm ugry hökmünde ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirmek, türkmen türgenlerini ýakyn ýyllarda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamak, sport we bedenterbiýe ulgamy boýunça täze döwlet strategiýasyny işläp düzmek, öňde boljak Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna häzirden taýýarlyk görmek barada-da aýratyn durlup geçildi.

«Meniň baş maksadym Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň esaslaryny has-da berkidip, ýurdumyzy beýik geljegimize tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr» diýip, döwlet Baştutanymyz çykyşyny jemledi.

Ýene-de okaň

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze döwrebap şäherçe gurlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Walentina Matwiýenkony doglan güni bilen gutlady

Britan Geňeşligi türkmen mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga goşant goşýar

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Bernardo Silwa tomusda “Mançester Siti” toparyndan gider