JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iri daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz “Bouygues” kompaniýalar toparynyň Baş direktory Marten Buig, “VINCI Construction Grands Projets” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy Patrik Kadri,  “Cifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Žil Remi hem-de “Dragon Oil” kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwa bilen duşuşdy.

Duşuşyklaryň barşynda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary boýunça mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.

Şunda senagat ulgamynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda onuň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna, binagärlik, gurluşyk ulgamyna öňdebaryjy daşary ýurt tejribesiniň çekilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle-de ýangyç-energetika toplumy we kommunikasiýalar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz dünýä bazarlarynda energiýa serişdelerine barha artýan islegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyny nygtady hem-de kompaniýanyň mundan beýläkki hyzmatdaşlyk baradaky tekliplerine seretmäge taýýardygyny belledi.

Ali Raşid Al Jarwan Türkmenistanda amala aşyrylýan hem-de halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolan düýpli özgertmeleriň giň gerimine we depginlerine haýran galýandygyny aýdyp, “Dragon Oil” kompaniýasynyň mundan beýläk-de öz üstüne alan borçnamalaryna pugta eýerjekdigine ynandyrdy.

Ýene-de okaň

Britan Geňeşligi türkmen mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga goşant goşýar

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Bernardo Silwa tomusda “Mançester Siti” toparyndan gider

Kristofer Wizda: “Makul Iňlisçe-Türkmençe” gollanma seýrek duş gelýän gymmatlyk

Owganystanyň başlangyjy bilen ilkinji “Owganystan–Merkezi Aziýa” konsultatiw dialogy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri