JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen duşuşdy

Ozal hem habar berşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda bolýar.

ABŞ-da iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki edara binasynda BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterreş bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz Baş sekretary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň üstünlikli başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, Baş Assambleýasynyň işiniň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, şeýle hem durnukly ösüş maksatnamalaryny ilerletmäge uly goşant goşjakdygyny ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýyl dünýäde iň abraýly guramalaryň biri bolan Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň bellenýändigini aýdyp, bu şanly senä mynasybetli Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary Antoniu Guterreşi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen guramalarynyň ähli işgärlerini tüýs ýürekdne gutlady.

Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretaryna iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary türkmen halkynyň Milli Liderine salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, şu gezekki duşuşyga Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen möhüm meseleler boýunça hyzmatdaşlygynyň özboluşly dowamy hökmünde garaýandygyny aýtdy. Şeýle hem sebit we ählumumy meseleleriň oňyn çözgüdine ýurdumyzyň goşýan goşandyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 3 gezek ykrar edilen bitarap döwlet bolmak bilen Türkmenistan halkara giňişliginde işjeň syýasaty alyp barýar.

Munuň aýdyň mysaly hökmünde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny görkezmek bolar.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilendigini, bu wakanyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gabat gelýändigini aýtdy we şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretaryny şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary Antoniu Guterreş çakylyk üçin hoşallyk bildirip, baý taryhy we özboluşly medeni mirasy bolan Bitarap Türkmenistanyň Merkezi Aziýada we dünýä giňişliginde parahatçylyk taglymatlaryny ilerletmekde möhüm ornuny belledi.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýtiň Mirasdüşer şazadasy bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Tokaýew: Türkmenistanyň Prezidentini Gazagystana gelmegini sabyrsyzlyk bilen garaşýarys

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisine gatnaşdy

Özbek Lideri Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy