JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, möhüm strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň we sebit hem-de halkara meseleleriniň wajyp ugurlary boýunça ýola goýulýan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda adamzadyň faşizmden azat bolmagynyň hatyrasyna doganlyk halklaryň görkezen mizemez bitewüligini, edermenligini we deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny alamatlandyrýan şanly sene bolan Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygynyň şu ýyl giňden bellenilýändigi barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Wladimir Putini 24-nji iýunda Moskwada umumy Ýeňşiň hormatyna guraljak dabaralar bilen gutlady hem-de ýubileý çäreleriniň ählisiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanda 9-njy maýda Ýeňiş güni dabaraly bellenildi. Şanly senäniň hormatyna Aşgabatda dabaraly harby ýöriş, «Baky polkuň» ýörişi guraldy, şeýle hem baýramçylyk feýerwerki boldy. Bu dabaralara Russiýanyň goranmak ministriniň orunbasary general-polkownik A.Fominiň ýolbaşçylygynda Russiýa Federasiýasyndan wekiliýetiň gatnaşandygyny aýratyn bellemeli.

Russiýa tarapynyň döwlet Baştutanymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň söweşen 2-nji Ukrain frontunyň 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagyny hemişelik saklamak üçin Türkmenistana ibermegi Ýeňiş gününiň dabaralaryny Watanymyz üçin ähmiýetli wakalar bilen baýlaşdyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Russiýanyň paýtagtynda geçiriljek dabaraly harby ýörişe ýurdumyzyň harby gullukçylary gatnaşarlar. Goranmak ministri, general-maýor B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Moskwada geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna gatnaşjak wekiliýetine ýolbaşçylyk eder.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary dürli ugurlarda ägirt uly kuwwata eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde bilelikdäki Hökümetara toparyna möhüm orun degişlidir. Toparyň şu günki geçiriljek nobatdaky mejlisinde türkmen-rus gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny mundan beýläk-de berkitmek, söwda-ykdysady aragatnaşyklary artdyrmak, ýangyç-energetika toplumynda, maliýe-bank we ulag pudaklarynda hem-de medeni-ynsanperwer ulgamda özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine garalar.

Mejlisiň gün tertibine sanly ykdysadyýet we öňdebaryjy sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly möhüm meseleleriň girizilendigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz russiýaly hyzmatdaşlara Hökümetara toparynyň işine gatnaşmaga gyzyklanma bildirendikleri, şeýle hem Russiýa tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary A.Owerçugyň başlyklyk edýän toparynyň hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orun eýeleýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna gatnaşyp bilmeýändigini aýtdy. Munuň özi milli Liderimiziň 29-njy iýunda 63 ýaşynyň dolmagy, ýagny Muhammet Pygamberiň ýaşyna ýetmegi bilen baglanyşyklydyr. Milli däplere laýyklykda, bu sene maşgalalaryň, dogan-garyndaşlaryň we ýakynlaryň hem-de tutuş halk bilen bilelikde bellenilýär.

Häzirki döwürde koronawirus ýokanjynyň dowam edýändigini nazara alyp, oňa garşy täze karantin çäreleri ýola goýuldy. Onuň düzgünine laýyklykda, daşary ýurtlardan sapardan gelen her bir adam iki hepdeläp karantin ýagdaýynda bolmaly. Bu bolsa daşary ýurtlara sapara gitmegiň mümkin däldigini alamatlandyrýar.

Ýene-de okaň

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa — ASEAN” formatyny döretmek başlangyjy öňe sürýär

Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça goşmaça otly gatnawlary ýola goýuldy

“Arkadag” futbol kluby bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär