JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gruziýanyň Premýer-ministri duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahizde bilen duşuşdy. Bu barada Gruziýanyň metbugaty habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Iki ýurduň arasyndaky syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň okgunly ösüşine uly kanagatlanma bildirildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti we Gruziýanyň Premýer-ministri ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ugurlaryny maslahatlaşyp, Orta geçelgäni ösdürmegiň ugurlaryna garadylar.

Premýer-ministr Kobahizde ulag we logistika taslamalary barada belläp, ulag we energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtady.

Itakliý Kobahizde Türkmenistanyň Merkezi Aziýada parahatçylygyň üpjün edilmegi ugrundaky işjeň tagallalaryna ýokary baha berýändiklerini belledi.

Şeýle hem duşuşygyň barşynda bu saparyň çäklerinde pudak edaralarynyň arasynda gol çekiljek ylalaşyklaryň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge mümkinçilik berjekdigi bellenildi.

Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahizde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gruziýa resmi sapar bilen çagyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri