JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýada

Beýik Britaniýada iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow saparynyň birinji gününiň ikinji ýarymynda dostlukly ýurduň Bukingem köşgüne tarap ugrady.

Beýik Britaniýa Patyşalygynyň Bukingem köşgüniň merkezi girelgesiniň ýanynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli garşylanyldy.

Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä hem-de Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasy mynasybetli resmi kabul edişligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Birleşen Patyşalygyň Patyşasy Karl III-ni Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan täç geýdirmek dabarasy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde-de okgunly ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Öz gezeginde, Birleşen Patyşalygyň Patyşasy Karl III Türkmenistana bolan saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy hem-de Beýik Britaniýa bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň geljekde-de ilerlediljekdigini belläp, döwlet Baştutanymyza, ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

Bu çäre tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sapar mahaly özi üçin niýetlenen kabulhana tarap ugrady.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri