DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Belgiýanyň Patyşasyny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Belgiýanyň Patyşasy Filippe hem-de ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Belgiýa Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar. Türkmenistan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde-de bilelikdäki tagallalaryň netijesinde halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn” diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belleýär.

Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Filippe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Belgiýanyň halkyna bolsa ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar