DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti BAE resmi sapar bilen çagyryldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suhaýl Al Mazruiny kabul etdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, ministr Suhaýl Al Mazruiny wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirip, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de Birleşen Arap Emirliklerine sapar bilen gelmek hakyndaky çakylygyny gowşurdy.

Duşuşygyň barşyndan ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, şol sanda onuň möhüm ugry bolan energetika ulgamynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ulgam iki ýurduň ykdysadyýetleri üçin strategik ugur bolup durýar.

Duşuşykda BAE-niň işewür düzümleriniň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna hem-de düzümleýin taslamalara uly gyzyklanma bildirilýändigi bellenildi.

 

BAE-niň energetika ministriniň Türkmenistana sapary

 

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanda döwlet saparynda bolar

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisinde täze kanun taslamalary kabul edildi

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin sport çäresi guraldy

Aşgabatdaky Eýranyň medeniýet merkezinde ýurduň merhum Liderini hatyralamak çäresi geçirildi

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň bilim ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Aşgabatda türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 7-nji mejlisi geçiriler

Russiýanyň ilçisi: Russiýa kosmonawtlary taýýarlamak boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar