JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-prezidenti bilen duşuşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda okgunly ösüşe eýe bolan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki gatnaşyklaryň türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýeti bellenildi.

Ynsanperwer ulgam hem türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Ylym, bilim, medeniýet, sport ulgamlary boýunça özara hyzmatdaşlyk, bu ugurda bilelikdäki çäreleriň geçirilmegi iki halky ýakynlaşdyrmagyň, dostluk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şertidir.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan netijeli döwletara gatnaşyklaryň geljekde-de umumy bähbitleriň hatyrasyna işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan atçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Oraza aýy-2026 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Portugal tälimçi: “Arkadag” topary güýçli toparlaryň biridir

Mergen Orazow: Er-Riýaddaky jogap duşuşygyna çynlakaý taýýarlyk göreris

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” – “Al-Nasr” duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri