JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherine sapar bilen bardy.

“Trend” habarlar gullugynyň habayrna görä, Türkmenistanyň Prezidentini iki ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen Geýdar Aliýew adyndaky halkara howa menzilinde Azerbaýjanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Ýagub Eýýubow, daşary işler ministriniň orunbasary Halaf Halafow we beýleki resmi adamlar garşylady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň bu sapayr mynasybetli howa menzilinde hormat garawuly nyzama goýuldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde geçirilýän Goşulyşmazlyk Hereketiniň sammitine gatnaşar.

 

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri