JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe we ýurduň ähli doganlyk halkyna Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Häzirki wagtda Azerbaýjan Respublikasy sebit we halkara işlerde möhüm orny eýeläp, ilerlemek we depginli özgermek ýoly bilen ynamly öňe barýar” diýlip, hormatly Prezidentimiziň gutlag hatynda bellenilýär. Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ep-esli işjeňleşdirilendigini hem-de täze mazmun bilen baýlaşdyrylandygyny kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň umumy bähbitlere laýyklykda, mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Azerbaýjanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýäde bolan iň möhüm wakalar

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji bäbegi Aşgabatda dünýä indi

FIFA täze baýragyň döredilýändigini yglan etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

“Makul Sözlük” – “Ýylyň Makul Sözi-2026”: Yhlas