Zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi.
Günüň dogýan çaglarynda deňziň kenarynda welosipedli gezelenç etmek fiziki işjeňligiň netijesinde saglyga oňyn täsir edýär, bedeni berkidýär we oňa güýç berýär. Welosiped ekologik taýdan arassa ulag hökmünde ykrar edilendir.
Döwlet Baştutanymyz welosipedli gezelenjiň dowamynda Hazaryň kenarynda ýerleşýän dünýä derejeli syýahatçylyk zolagynyň gözelliklerini synlady. Ýakymly howa gurşawynyň we ýokary derejeli hyzmatlary hödürleýän döwrebap şypahana-dynç alyş ulgamynyň bolmagy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň meşhurlygyny has-da artdyrdy.
Lukman hökmünde sagdyn durmuş ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berýän Milli Liderimiz şeýle gezelençleriň ägirt uly peýdasynyň bardygyny şahsy göreldesi bilen subut etdi. Şunlukda, ýurdumyzda welosipedli ýörişleriň guralmagy asylly däbe öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan welosipedli ýörişleriň geçirilmegi häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda has giň gerime eýe bolýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanda ekologik abadançylygy üpjün etmek, Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsini, Hazar deňziniň biodürlüligini gorap saklamak, öwrenmek üçin giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu ugurda öňde durýan meseleleri çözmekde welosiped sporty, welosipediň ulag serişdesi hökmünde ulanylmagy möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi daşky gurşawa uzak möhletleýin esasda oňyn täsirini ýetirip, ekologik ýörelgeleriň jemgyýetçilik durmuşyna içgin aralaşmagyna ýardam edýär.
