Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Afrika döwletleriniň wekiliýet ýolbaşçylary bilen duşuşdy.
Bu barada:
Türkmenistanyň Prezidenti Mali Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Mali Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulaýe Maýga bilen duşuşdy.
Döwlet Baştutanymyz myhmany türkmen topragynda mähirli mübärekläp, «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» şygary bilen geçirilýän bu giň möçberli halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Mali Respublikasynyň Premýer-ministri bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, halkara jemgyýetçiligiň umumy bähbitlerine laýyk gelýän bu maslahatyň möhüm ähmiýetini belledi hem-de oňa gatnaşmagynyň öz ýurdy üçin durnukly ösüş ulgamynda täze mümkinçilikleri açýandygyny nygtady.
Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan öz daşary syýasatynda ähli ýurtlar, şol sanda Afrika döwletleri bilen deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Mali Respublikasy bilen hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.
Nygtalyşy ýaly, ýurdumyz üçin Afrika döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barha artýar. Türkmenistan bilen Mali Respublikasynyň arasynda gatnaşyklaryň ösdürilmegi oba hojalygynda innowasiýalary ornaşdyrmak, suw serişdelerini netijeli dolandyrmak, şeýle hem bilim we hünär taýdan taýýarlyk ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikleri döredýär.
Şeýle hem söhbetdeşler ykdysadyýet, energetika, oba hojalygy, bilim, saglygy goraýyş we ylmy-barlag ulgamlarynda tejribe alyşmak üçin özara bähbitli mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň halklarynyň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmegiň, medeniýet we sungat ulgamlarynda bilelikdäki çäreleri guramak boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm ähmiýeti bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Uganda Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Uganda Respublikasynyň Premýer-ministri Robina Nabbanja bilen duşuşdy.
Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň we ýurdumyzyň bilelikde guramagynda geçirilýän halkara foruma gatnaşýandygy üçin minnetdarlygyny beýan etdi we onuň şu gezekki saparynyň Türkmenistan bilen Uganda Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açjakdygyna berk ynam bildirdi.
Uganda Respublikasynyň Hökümetiniň ýolbaşçysy myhmansöýer türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny beýan edip, ýokary derejedäki wekilçilikli forumyň Türkmenistanda geçirilmeginiň halkara derejede durnukly ösüşi üpjün etmäge we özara baglanyşygy berkitmäge ýurdumyzda aýratyn üns berilýändiginiň subutnamasydygyny belledi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Afrika sebitiniň ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýär. Bu babatda ýurdumyz Uganda Respublikasy bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, oba hojalyk, medeni-ynsanperwer, şeýle hem beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerine seretmäge taýýardyr.
“Biz köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy ýaly abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini goldaýarys” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we şu saparyň çäklerinde Türkmenistanyň ýeten derejesi, energetika, gazhimiýa we beýleki senagat ugurlarynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşmaga mümkinçiligiň boljakdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz geljekde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça Ugandanyň anyk teklipleri bolan ýagdaýynda, ýurdumyzyň olary goldamaga taýýardygyny beýan etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gambiýa Respublikasynyň wise-prezidenti bilen duşuşdy
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gambiýa Respublikasynyň wise-prezidenti Muhammed Jallow bilen duşuşdy.
Hormatly Prezidentimiz belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de giň möçberli çäräniň bu döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny netijeli durmuşa geçirmäge ýardam berjekdigini belledi.
Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, iri halkara çäreleriň geçirilýän merkezi hökmünde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ähmiýetini belledi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan dürli ýurtlar bilen, şol sanda Afrika döwletleri bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Gambiýa Respublikasy bilen syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz myhmanyň saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň ykdysady gazananlary bilen tanyşjakdygyny hem-de Türkmenistanyň resmi wekilleri bilen duşuşjakdygyny belläp, bu saparyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda energetika, himiýa senagaty, oba hojalygy, saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynda tejribe alyşmak üçin mümkinçilikler bar. Şunuň bilen birlikde, iki halkyň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmek, sungat we döredijilik ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy höweslendirmek hem möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Gambiýa Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmek baradaky teklipleri goldamaga taýýardygyny beýan etdi.
Gambiýanyň wise-prezidenti medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada belläp, öz ýurdunyň Türkmenistan bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Malawi Respublikasynyň wise-prezidenti bilen duşuşdy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Malawi Respublikasynyň wise-prezidenti Maýkl Bizuik Usi bilen duşuşdy.
Wise-prezident Maýkl Bizuik Usi mähirli kabul edilendigi hem-de halkara maslahata gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, durnukly ösüş ulgamynda bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlamaga we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen bu forumyň ýokary guramaçylyk derejesini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Malawiniň Prezidenti Lazarus Çakweranyň hormatly Prezidentimize iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Malawiniň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Hazaryň türkmen kenarynda geçirilýän bu maslahatyň üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek, sebitara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we ykdysady mümkinçilikleri giňeltmek üçin möhüm esas boljakdygyna berk ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň dürli ýurtlar, şol sanda Afrika döwletleri bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belläp, ýurdumyzyň Malawi Respublikasy bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleri ulanmaga taýýardygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karluş Manuel Wila-Nowa bilen duşuşdy.
Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Hazar deňziniň türkmen kenarynda geçirilýän halkara maslahata gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edip, ýurdumyza sapar bilen gelendigi üçin minnetdarlygyny beýan etdi hem-de şu saparyň üstünliklere beslenip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi.
San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti bildirilen myhmansöýerlik hem-de çakylyk üçin hoşallygyny beýan edip, Awazada geçirilýän halkara maslahatyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň durnukly ösüşi we ählumumy ykdysady gatnaşyklara goşulyşmagy babatda täze mümkinçilikleri açýandygyny nygtady.
Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň esasynda daşary ýurt döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar. Bu babatda Türkmenistan Afrika ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýär.
“Biz diňe ikitaraplaýyn däl-de, eýsem, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygy goldaýarys. Siziň ýurduňyzyň geografik taýdan ýerleşişi (ada) we syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen baglylykda, bu ugurda anyk işler durmuşa geçirilip bilner” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Prezident Karluş Manuel Wila-Nowanyň saparynyň dowamynda San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty, önümçilik we eksport mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşjakdygyny belläp, geljekde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça anyk teklipler bolan ýagdaýynda, ýurdumyzyň olary goldamaga taýýardygyny tassyklady.
