BIZNES

Türkmenistanyň pomidorlarynyň eksporty 3 göterim ýokarlandy

Häzirki wagtda döwletimizde eksport harytlarynyň görnüşini artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň açylýandygy bilen baglylykda, daşary ýurtlara çykarylýan türkmen harytlarynyň möçberleri yzygiderli artdyrylýar. Eksport harytlarynyň aglaba bölegini bolsa, oba hojalyk önümleri düzýär. Esasan hem, ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilen pomidora bolan isleg artýar. Türkmen pomidorlaryny esasy import ediji döwletler Russiýa Federasiýasy, Gazagystan we Gyrgyzystan Respublikalarydyr. Bu barada Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Üstümizdäki ýylyň ýanwar-mart aýlarynda ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilen pomidoryň eksportynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwrüne görä 3% ýokarlandy. Şu döwürde Gazagystana ugradylan pomidoryň möçberi 20% ýokarlandy.

Geçen ýyllar bilen deňeşdirilende hem türkmen pomidorynyň eksportynyň ýyl-ýyldan artýandygy görünýär. 2023-nji ýylyň dowamynda takmynan 128 müň tonna pomidor daşary ýurtlara eksport edilip,  bu san 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 239% ýa-da 3,4 esse ýokarlandy. Şunda, pomidoryň eksportynyň umumy möçberiniň 57% Russiýa Federasiýasyna, 28% Gazagystana amala aşyryldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder