BIZNES

Türkmenistanyň, Owganystanyň we “Çalyk Holding” kompaniýasynyň wekilleriniň üçtaraplaýyn duşuşygy

Owganystanyň Kabul şäherinde Owganystanyň, Türkmenistanyň we “Çalyk Holding” türk kompaniýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyk Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň TAP-500 elektrik geçiriji liniýasynyň amaly tapgyryna girişmek bilen bagly boldy. Bu barada owgan metbugaty habar berdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar tehniki toparlaryň hem-de sekretariatlaryň arasynda yzygiderli duşuşyklaryň geçirilmeginiň ähmiýetini bellediler. Bu duşuşyklar TAP-500 taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin möhüm bolar.

Owganystanyň “DABS” kompaniýasynyň hem-de Suw serişdeleri we energetika ministrliginiň wekillerinden ybarat bolan owgan topary energetika pudagynda sebitleýin hyzmatdaşlyga ygrarly bolup durýandyklaryny belledi.

“DABS” kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Abdul Bari Omar Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň TOP ugry boýunça halkara elektroenergetika taslamalarynyň müdirliginiň başlygy Myrat Artykow hem-de “Çalyk Holding” komapniýasynyň wekilleri bilen aýratynlykda duşuşdy.

Owgan tarapy Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň möhümdigini belläp,”Çalyk Holding” komapniýasynyň wekillerine hünärmenleri tehniki tarapdan taýýarlamak babatda guramaçylygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Ýene-de okaň

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy