BILIM

Türkmenistanyň nebitgaz uniwersitetinde hytaý dili öwrediler

2023-nji ýylda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň nebit uniwersitetiniň (Pekin şäheri) arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşyldy. Baglaşylan Ähtnamanyň çäklerinde uniwersitetde hytaý dili boýunça okuwlary bilelikde guramak, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça işleri alyp barmak bellenen.

Golaýda Hytaý Halk Respublikasynyň Dil babatda alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk boýunça halkara Merkeziniň wekiliýeti bilen uniwersitetde geçirilen duşuşykda hytaý dilini öwrenmekde hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek meselelerine garaldy.

Halkara merkeziň wekiliýeti bu ugurda tejribe alyşmak, okuwy guramagyň innowasion usullaryny ulanmak we ösdürmek, şeýle hem bilim bermegiň öňdebaryjy tehnologiýalaryny giňden ulanmak babatda alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdylar.

Merkez tarapyndan hytaý dilini öwrenmekde usuly kömek bermek, dürli görnüşli okuwlary gurnamaklyk we mugallymlaryň hünär ussatlygynyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmeklik teklip edildi. Soňra Merkeziň wekiliýeti uniwersitetiň Nebit we gaz fakultetine aýlanyp gördiler, Diller kafedrasynyň işi bilen tanyşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda kükürtden boýag serişdelerini almagyň tehnologiýasy işlenip düzüldi

Stanford uniwersitetiniň kitaphana katalogyna “Makul Sözlük” girizildi

Ýapon dili boýunça okuw sapagy geçirildi

Ýapon dilinde suhangöýlük sungaty boýunça XVIII bäsleşik geçirildi

Türkmen diplomaty rumyn uniwersiteti bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýda talyp hakly okamak mümkinçiligi