DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň mejlisi geçirildi. Bu barada Daşary işler ministrliginiň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň saýlanan agzalary, Mejlisiň deputatlary, döwlet häkimiýet edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň häkimleri, halkyň hormatly ýaşululary, ilatyň ähli gatlaklarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Garaşsyzlygyň 30 ýylynda türkmen döwletiniň gazanan üstünlikleri umumymilli çäräniň gün tertibinde ara alnyp maslahatlaşylan esasy tema boldy. Şeýle-de Türkmenistany mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda  maksatlary we wezipeleri durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Garaşsyz döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine we halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen möhüm çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti öz çykyşynda özygtyýarly ösüş ýyllarynda ýurduň gazanan ägirt uly sepgitlerini kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, taryhy taýdan örän gysga döwürde türkmen halky özüni parahatçylyk söýüji, gurmagy we döretmegi başarýan dostlukly millet hökmünde görkezdi.

Şanly senäniň ähmiýetini bellemek bilen, Türkmenistanyň Baştutany halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkidýän bu ýubileý senäniň saýlanan döredijilik ýolunda nobatdaky ynamly ädim hökmünde döwletiň häzirki zaman taryhyny ýazjakdygyny nygtady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň dowamynda kuwwatly ykdysady ösüşiň çuňňur binýadynyň esaslandyrylmagyna ünsi çekmek bilen, milli syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti döwletiň daşary syýasatynyň ähmiýeti we Türkmenistanyň halkara giňişligindäki ýokary abraýy barada belledi. Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, biziň döwletimiz dünýä ýurtlary bilen dostlukly, işjeň gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen parahatçylyk söýüjilik strategiýany durmuşa ornaşdyrmak ýoluny dowam etdirer.

Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly senesi mynasybetli zähmetde tapawutlanan raýatlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak baradaky Permanlara gol çekdi.

 

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

Ýene-de okaň

Aşgabatda Eýranyň Ýalda baýramçylygy bellendi

Özbegistan Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

“Financial Times” Donald Trump-y ýylyň şahsyýeti yglan etdi

Özbegistan 300 taslama üçin 43 milliard dollar gönükdirer

Eýranyň Prezidenti 11 ýyldan soňra Müsüre bardy

Putin: Tramp bilen duşuşmaga taýýar