BILIM

Türkmenistanyň milli diplomatiýa mekdebine – 13 ýyl

Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat işiniň pugtalandyrylmagynda we ösdürilmeginde, ýokary halkara abraýynyň gazanylmagynda we halkara ulgamynyň utgaşmasynda türkmen diplomatlary aýratyn orny eýeleýär. Şol sebäpli hem bu işleri durmuşa geçirmäge laýyk gelýän işgärleri taýýarlamaklyk zerurlygy ýüze çykýar. Ýurdumyzyň diplomatik gullugy üçin zerur bolan halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen 2008-nji ýylyň 20-nji martynda hormatly Prezidentimiziň çykaran Permany bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty döredildi. Institutda halkara gatnaşyklary we diplomatiýa, halkara hukugy, halkara ykdysady gatnaşyklary, halkara žurnalistikasy hünärleri boýunça hünärmenler taýýarlanylýar.

Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarly bolmagynda, ýurdumyzyň daşary syýasaty halkara giňişliginde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryny ösdürmekde uly goşant goşýar. Ýurdumyzyň diplomatik gullugy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy derejesinde yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny mynasyp garşylamak üçin uly möçberli daşary-syýasy çäreleri amala aşyrar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz köpugurly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, sebit hem-de ählumumy möçberde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen netijeli daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň netijeli durmuşa geçirilmeginiň hem-de onuň milli bähbitleriniň goralmagynyň ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işiniň esasy görkezijileriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen diplomatiýasynyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, sebit hem-de dünýä derejesinde özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmaga goşýan uly goşandy aýratyn bellärliklidir.

Hormatly Prezidentimiziň ýakyndan goldaw bermegi netijesinde, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär hem-de düzümi döwrebaplaşdyrylýar. Ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de konsullyk edaralarynyň ulgamy ýylsaýyn giňelýär. Türkmenistan goňşy ýurtlar hem-de dünýäniň beýleki sebitlerinde ýerleşýän döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy okgunly ösdürip hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen giň gerimli düzümleýin taslamalaryň başyny başlap we bilelikde durmuşa geçirip, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna ynamly goşulyşýar, onuň halkara abraýy barha artýar.

Häzirki döwrüň ýagdaýlaryndan we talaplaryndan ugur alnyp, milli diplomatiýa mekdebiniň ösdürilmegine hil taýdan täze itergi berildi. Şu babatda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi täze hünärleri açmak, bilim bermek işine öňdebaryjy sanly tehnologiýalary hem-de innowasion usullary işjeň ornaşdyrmak, daşary ýurtlaryň esasy ugurdaş ýokary okuw mekdepleri bilen özara peýdaly tejribe alyşmak zerurlygyny şertlendirýär. Häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, diplomatik işiň täze wezipeleri hem-de usullary peýda bolýar. Soňky ýyllarda ýurdumyz diplomatiýanyň ykdysadyýet, ulag, energetika, ekologiýa, suw hem-de medeniýet we sport ýaly wajyp ugurlarynyň ösdürilmegi barada tagalla edýär.

 

Merjen Gurbannazarowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş

kafedrasynyň uly mugallymy.

 

Ýurdumyzda gowaça ekişine badalga berler

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Gruziýa: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

Ata Watan Eserleri

Iňlis dilini bir ýyl mugt öwrenmek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň rektorlarynyň forumyna gatnaşýar

«Türkçe-türkmençe sözlük» neşir edildi

Russiýa Türkmenistanyň bilim edaralaryna 1 müňden gowrak kitap iberdi

Türkmen ýaşlary Indoneziýadan baýrakly dolandy